Türkmen telekeçisi jorap önümlerini daşary bazara çykarýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi jorap önümlerini daşary bazara çykarýar
Bu önümler içerki bazar üçin hem, “Akar” haryt nyşany bilen daşary ýurtlara – Russiýa, Gazagystana, Beýik Britaniýa we beýleki ýurtlara iberilýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän telekeçi Serdar Annakowa degişli kärhanada her aýda “Akar” haryt nyşanly dürli görnüşli joraplaryň 500 müň jübüti öndürilýär. Bu önümler içerki bazar üçin hem, “Akar” haryt nyşany bilen daşary ýurtlara – Russiýa, Gazagystana, Beýik Britaniýa we beýleki ýurtlara iberilýär.

Kärhananyň önümçilik bölümlerinde Italiýanyň kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary gurnalandyr. Örme bölüminde “Matec silver” we“Lonati” ýaly häzirki zaman italýan enjamlarynyň 150-si oturdylyp, olar arkaly erkekler, aýallar we çagalar üçin joraplar öndürilýär diýlip, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň saýtynda çarşenbe güni çap edilen makalada aýdylýar.

Zerur bolan çig mal serişdeleri bolan ýüplükler Kaka etrabyndaky “Serdar” pagta egriji fabriginden şertnama esasynda satyn alynýar hem-de boýalandan soňra, önümçilik işinde ulanylýar.

2018-nji ýylda gurlup, işe girizilen önümçilik kärhanasynda 100-e golaý işgär zähmet çekýär.