“Türkmeniň rysgaly” hojalyk harytlarynyň täze görnüşleriniň önümçiligine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmeniň rysgaly” hojalyk harytlarynyň täze görnüşleriniň önümçiligine başlady
“Türkmeniň rysgaly” hususy kärhanasy “Ak bulut” haryt nyşanly diş arassalaýjy serişdelerini öndürip başlady.

Hojalyk harytlaryny öndürýän “Türkmeniň rysgaly” hususy kärhanasy “Ak bulut” haryt nyşanly diş arassalaýjy serişdeleriň birnäçe görnüşlerini öndürip başlady.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, kärhanada köp ösümlik ýaglaryna dürli hoşboý ysly goşundylary goşmak arkaly suwuk we hojalyk sabynlary hem öndürilip başlandy. Bu ýerde öndürilýän hojalyk sabynlary 125 gramlykda taýýarlanyp, ýörite gaplara gaplanylýar.

Şeýle hem şu ýylyň iýun aýynda kärhanada dürli ýerli çig mallary peýdalanmak arkaly 2 we 3 kesijili päkileriň hem önümçiligi ýola goýulypdy.

Häzirki wagtda kärhanada her aýda ýokary hilli diş arassalaýjy serişdeleriň ortaça 500 müňi, sabynlaryň 2 milliony, päkileriň bir milliony, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň bolsa 300 müň gaby öndürilýär.

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýerleşýän hususy kärhana öndürýän önümleri bilen ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini üpjün etmek bilen birlikde, daşary ýurtlaryň birnäçesine eksport hem edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022