Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ekerançysy Merdan Hudaýberdiýew öz hojalygynda banan ösdürip ýetişdirmegi ýola goýdy. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti sişenbe güni habar berdi.
M.Hudaýberdiýew Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ösdürilip ýetişdirilýän bananyň ösüntgilerini getirip 0,35 gektar ýerde dokuz düýp banan oturtdy hem-de geçen ýyl olaryň her düýbünden 35 kilograma çenli hasyl aldy.
Banan agajyny ösdürip ýetişdirmegiň syrlaryny ele alan halaçly ekerançy önümçiligiň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär.
Türkmenistanda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän “Ferhar” hojalyk jemgyýeti ilkinji bolup banany senagat möçberinde ösdürip ýetişdirmegi ýola goýdy. Hojalyk jemgyýetine degişli ýyladyşhananyň tutýan meýdany bir gektar bolup, ol eýýäm iki ýyl bäri hasyl berýär.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki “Daşoguz” şypahanasyna degişli ýyladyşhanada 2019-njy ýylda ilkinji gezek banan hasyly alyndy.