“Hyundai” Türkmenistana şäheriçi awtobuslary ibermegi dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Hyundai” Türkmenistana şäheriçi awtobuslary ibermegi dowam edýär
“Hyundai” kompaniýasynyň täze kysymly awtobuslarynda Ýewro-4 standartlaryna gabat gelýän döwrebap hereketlendirijiler oturdyldy.

Günorta Koreýanyň “Hyundai” kompaniýasynyň “All New Super Aero City” kysymly 38 awtobusy Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna getirilip, paýtagtymyz Aşgabada ugradyldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu şu ýylyň mart aýynda “Hyundai” kompaniýasy bilen “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň arasynda awtobuslaryň 400-sini satyn almak boýunça gol çekilen şertnama laýyklykda, getirilen şäheriçi ýolagçy ulaglaryň ilkinji tapgyrydyr.

Türkmenistan “Hyundai” bilen 2008-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. Häzirki wagta çenli kompaniýa ýurda 1,200 sany awtobus getirdi.

Täze “Super Aero City” awtobuslarynyň aýratynlyklary özünden öňki kysymlara garanyňda has hem güýçlendirildi, şol sanda yzky kameralary hem-de yzdaky hereketleri duýduryş işjeňligi artdyryldy. Täze kysymly awtobuslarda şeýle hem Ýewro-4 standartlaryna gabat gelýän döwrebap hereketlendirijiler oturdyldy.

Şeýle hem kompaniýa awtobuslar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň getirilmegini üpjün eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022