Türkmen kompaniýasy polipropilen önümleriniň eksportyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy polipropilen önümleriniň eksportyny artdyrýar
“Kiçi gala” HJ “Rowaç” we “Diýar” haryt nyşanly ruçkalary bilen ýurdumyzyň mekdep bazarlaryny üpjün edýär.

“Kiçi gala” hojalyk jemgyýeti (HJ) şu ýylyň başyndan bäri Özbegistana dokalmadyk polipropilen serişdesiniň 11 tonnasyny we 831 müňden gowrak plastmas dükçesini, şeýle hem Gazagystana 3 milliondan gowrak gaplanylýan haltalary eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda penşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada bedreler we daşyna ýüplükdir sapak oramak üçin niýetlenen dükçeler hem öndürilýär.

Mundan başga-da, bu hojalyk jemgyýeti “Rowaç” we “Diýar” haryt nyşanly ruçkalary bilen ýurdumyzyň mekdep bazarlaryny üpjün edýär.

2015-nji ýylda esaslandyrylan Lebap welaýatynda ýerleşýän “Kiçi gala” HJ geçen ýyl polipropilen we polietilen haltalary Gazagystan, Russiýa, Ukraina, Özbegistan ýaly ýurtlara eksport etdi.

2022