“Unilever” arassalaýjy serişdeleriniň önümçiliginde nebit we gazyň ulanyşyny bes eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Unilever” arassalaýjy serişdeleriniň önümçiliginde nebit we gazyň ulanyşyny bes eder
«Unilever» kompaniýasynyň Rotterdam şäherindäki baş binasy (Surat: «Reuters»)

“Unilever Plc” 2030-njy ýyla çenli arassalaýjy serişdeleriň önümçiliginde gazyp alynýan ýangyjyň ulanylmagyny bes etmek üçin 1 milliard ýewro (1,2 milliard ABŞ dollary) maýa goýumyny gönükdirer diýip, britan-golland kompaniýasy metbugat beýanatynda çarşenbe güni habar berdi.

“Cif”, “Dove” we “Domestos” haryt nyşanly arassalaýjy serişdelerini öndürýän dünýäbelli kompaniýa harytlarynyň düzümindäki nebithimiýa önümlerini ösümliklerden we beýleki biologiki çeşmelerden alynan önümlere çalyşjakdygyny mälim etdi.

“Biziň alyp barýan işimizde gazyp alynýan ýangyçdan garaşly bolmagymyzy bes etmeli. Bu garaýyş kompaniýamyzyň öndürýän harytlary üçin ulanylýan çig mala hem degişli” - diýip, “Unilever” kompaniýasynyň öý-hojalyk himiýa bölüminiň başlygy Peter ter Kulwe belledi.

“Biz uglewodorod serişdelerini gazyp almagy bes etmelidiris, sebäbi ýeriň ýüzünde we howada uglewodorod diýseň ýeterlikdir. Esasy maksat – ony uly mukdarda ulanmagy öwrenmek”- diýip Peter ter Kulwe aýtdy.

Kompaniýa 1 milliard ýewrolyk maýa goýumlaryň kömür turşy gazyň ulanylyşy we biotehnologiýa boýunça barlaglaryň maliýeleşdirilmegine, şeýle hem serişdeleriň biologiki dargaýan we suw tygşytlaýjy düzümleriniň işläp taýýarlanylmagyna gönükdiriljekdigini mälim etdi.

Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, 190 ýurtda 2,5 milliard adam gündelik esasda “Unilever” kompaniýasynyň önümlerini ulanýar. Mundan başga-da, dünýäde on hojalygyň ýedisinde kompaniýanyň 400 brend bilen ulanylýan serişdeleriniň azyndan birisini tapyp bolar.

2022