Hytaý şu ýylyň iýul aýynda turba geçirijiler boýunça we suwuklandyrylan görnüşde “mawy ýangyjyň” 12,252 milliard kubmetrini satyn aldy. Bu barada HHR-yň gümrük boýunça statistikasynyň maglumatlarynda aýdylýar.
Edaranyň maglumatlaryna görä, bu görkeziji 2019-njy ýylyň iýul aýy bilen deňeşdirilende 13% köpdür (10,828 milliard kubmetr) we iýun aýy bilen deňeşdirilende 27% ýokarydyr (9,615 milliard kubmetr). Gazanylan görkeziji Hytaý üçin bir aýda importyň rekord möçberi boldy.
Şu ýylyň ýedi aýynda Hytaý tebigy gazyň importyny 6% – 73,677 mlrd. kub metre çenli ýokarlandyrdy.
Hytaý tebigy gazy Russiýadan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Gazagystandan we Mýanmadan satyn alýar. Bu ýurt ýangyjyň şu görnüşini dünýäde iri satyn alyjydyr.