“Owadan ülke” önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Owadan ülke” önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýýar
“Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda “Nur”, “Mylaýym” we “Hazyna” haryt nyşanly gaplanan gök-bakja önümleri, maýonezleri, üwmeçleri we jemleri öndürýär.

“Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti beýiden (aýwa) jem önümçiligini ýola goýdy. Geljekde kompaniýa garpyz hem-de gawun jeminiň önümçiligini ýola goýmakçy diýip, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi internet sahypasynda çarşenbe güni habar berildi.

Kompaniýanyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda häzirki wagtda “Nur”, “Mylaýym” we “Hazyna” haryt nyşanly gaplanan gök-bakja önümleri, maýonez we jemler öndürilýär.

Täze önümleriň hatarynda “Mylaýym” haryt nyşanly gaplanan hyýar önümi bardyr. Her günde bu önümiň 8 tonnasy gaplanylýar.

Şeýle-de söwda nokadyna “Nur” we “Mylaýym” haryt nyşanly üwmeçleriň iki görnüşi getirildi – olar pomidor goýaltmasy hem-de ajy. Kompaniýanyň önümçilik bölümlerinde her günde 8 tonna üwmeç öndürilýär.

Kärhana 2016-njy ýylda işe girizilip, ýurdumyzyň azyk ulgamynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri esasy öndürijileriň biri bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022