Amerikan dollarynyň hümmetiniň peselmegi bilen altyn gymmatlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Amerikan dollarynyň hümmetiniň peselmegi bilen altyn gymmatlaýar
15-16-njy sentýabr aralygynda Federal ätiýaçlyk ulgamynyň mejlisi geçiriler.

ABŞ-nyň dollarynyň hümmetiniň peselmegi bilen altynyň bahasy ýokarlanýar. Bu barada “ПРАЙМ” ykdysadyýet boýunça habar agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Nýu-Ýorkyň Comex biržasynda geljek üçin şertnamalaryň altyna bahasy 0,4% ýa-da 8 amerikan dollaryna çenli ýokarlanyp, altynyň 1 unsiýasynyň (takmynan 28 gram) bahasy 1955,85 amerikan dollaryna barabar boldy. Kümüşiň bir unsiýasynyň bahasy 0,76% ýokarlanyp, 27,062 amerikan dollaryna ýetdi.

Dollaryň hümmetiniň peselmegi altynyň bahasynyň ýokarlanmagyna getirdi, bu bolsa daşary ýurt walýutalarynyň eýelerine altyny satyn almak üçin amatly boldy. Amerikan dollarynyň ABŞ-nyň esasy söwda hyzmatdaşlary bolan alty ýurduň (Hytaý, Meksika, Kanada, Ýaponiýa, Germaniýa we Günorta Koreýa) walýutalaryna bolan hümmeti 0,16% peselip, 93,18 bende ýetdi diýip, maglumatda bellenilýär.

“Altyn bazary Federal ätiýaçlyk ulgamynyň (FRS) syýasatyna daýanýar” diýip, “AxiCorp”-ň bilermeni Stiwen Innes “Reuters” habar agentligine aýtdy. Şeýle-de Innes has pes göterim mukdary hem-de FRS-iň çäreleri güýçlendirip, dollary gowşatmagy baradaky niýetleri altynyň bahasyny goldaýandygyny aýtdy.

15-16-njy sentýabr aralygynda Federal ätiýaçlyk ulgamynyň mejlisi geçiriler.

2022