“Eçil” haryt nyşanly miwe şireleriniň görnüşleri artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Eçil” haryt nyşanly miwe şireleriniň görnüşleri artýar
“Parahat” hususy kärhanasy miwe şireleri bilen bir hatarda alkogolsyz içgileri, kokteýlleri hem-de dürli tagamly sowadylan çaýlary öndürýär.

“Parahat” hususy kärhanasy “Eçil” haryt nyşanly alma we kädi gatyşykly miwe şiresiniň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda çarşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Eçil” miwe şireleri ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda uly islege eýedir.

Kompaniýa miwe şireleri bilen bir hatarda “Özi” haryt nyşanly alkogolsyz içgileri, “Süýtli dere” haryt nyşanly kokteýlleri hem-de “Han çaý” haryt nyşanly dürli tagamly sowadylan çaýlary öndürýär.

Mundan başga-da, bu ýerde “Han şöhlat” şöhlatlaryň birnäçe görnüşleri öndürilýär.

“Parahat” HK şu ýylyň ahyryna çenli ýaşy 6 aýlykdan uly bolan çagalar üçin şüleleriň birnäçe görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmagy hem meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022