“Türkmenmermer” kompaniýasy mermer önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenmermer” kompaniýasy mermer önümçiligini artdyrýar
“Türkmenmermer” ÝGPJ ýerli tebigy serişdelerden peýdalanyp, mermer we granit daşlaryndan örtük materiallary taýýarlaýar.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň mermer we granit daşlary işlenilýän zawodda şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 6,2 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi.

“Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, degişli döwürde kärhananyň ösüş depgini 187,9 %-e deň boldy. Şeýle-de bu ýerde buýurmalar esasynda öndürilen dürli gurluşyk serişdeleri wagtynda sarp edijilere ýetirildi.

Owadandepe senagat zolagynda ýerleşýän “Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu zawodynda ýerli tebigy serişdelerden peýdalanyp, mermer we granit daşlaryndan örtük materiallary taýýarlanýar.

Kärhanada ýokary hilli mermerler, köçeleri we ýanýodalaryň gyralaryny jäheklemek üçin dürli ölçegdäki bezeg daşlary hem-de gurluşykda ulanylýan beýleki serişdeler öndürilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022