Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Sumbar” agyz suw kärhanasynda her aýda agyz suwunyň 45-50 müň dekalitri öndürilýär.
“Balkan” welaýat gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, ýurdumyzyň deňizýaka sebitinde ýerleşýän kärhanada öndürilýän agyz suwy arassa we gazlandyrylan görnüşinde 0.5, 1.5, 5 we 20 litrlik gaplara gaplanylyp, sarp edijilere ýetirilýär.
Kärhananyň önümçilik bölüminiň müdiri Mübärek Esenowanyň aýtmagyna görä, bu ýerde önümleriň hiliniň oňat bolmagyna, ilki bilen, dag çeşmesiniň arassa suwy uly täsir edýär. Şeýle-de agyz suwuny gaplamak üçin zerur bolan dürli ölçeglerdäki we görnüşlerdäki gaplar kärhananyň bölümlerinde gurnalan awtomatlaşdyrylan enjamlarda öndürilýär.
2011-nji ýyldan bäri işleýän “Sumbar” kärhanasynda ýylda agyz suwunyň 3 million dekalitri öndürilýär hem-de önümçiligiň möçberlerini artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar.