Gökdepe gön zawodynda şu ýylyň geçen döwründe iri şahly mallaryň derisinden öndürilen gön önümleri 10 million 248 müň manatlyga barabar boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti şenbe güni habar berdi.
Zawodyň direktory Hajymyrat Ataballyýewiň aýtmagyna görä, şeýle möçberdäki gönden 168 müň jübüt aýakgap öndürmek mümkindir.
Habarda bellenilişi ýaly, kärhana diňe deri eýlemek bilen çäklenmän, gönüň bir böleginden, ylaýta-da, ozal önümçilik galyndysy hasap edilen teletin gyýkyndylardan serkerdelere, esgerlere we raýatlara niýetlenilip, dürli görnüşde bilguşaklar öndürilýär.
Mundan başga-da, kärhanada düýe ýüňünden ýorganlaryň önümçiligi hem ýola goýuldy. Häzir wagtda bu ýerde ýylda 7-8 tonna ýüň işlenilýän bolsa, ýakyn geljekde bu görkezijini iki esse artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Geljekde kärhanada teletinden zenanlaryň gaýyş torbalaryny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Munuň üçin kärhananyň hünärmenleri bu ugurda daşary ýurt tejribelerini içgin öwrenilýär.