Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasy paýdarlar jemgyýetine öwrüler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasy paýdarlar jemgyýetine öwrüler
Biržanyň paýnamalaryň belli bir bölegini Aşgabat gazna biržasynyň üsti bilen TSTB-siniň agzalary bolan hususy taraplara ýerlemek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen nobatdaky mejlisiniň barşynda wise-premýer Çary Gylyjow Döwlet haryt-çig mal biržasyny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin strategiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek hem-de açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklip hödürlenildi.

Biržanyň işiniň ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara ýerlemekden ybaratdygyny nazara alyp, paýdarlar hökmünde eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalaryň paýly gatnaşmagy hem-de paýnamalaryň belli bir bölegini Aşgabat gazna biržasynyň üsti bilen TSTB-siniň agzalary bolan hususy taraplara ýerlemek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy 2020-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmekde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň möhüm ornuny belledi.

Milli Liderimiz dünýä tejribesinde haryt-çig mal biržalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň, esasan, paýdarlar jemgyýetleri görnüşindedigine ünsi çekdi. Şeýle hem bellenilen çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň biržada baglaşylan geleşikleriň dolanyşygynyň hem-de onuň girdejileriniň ep-esli artdyrylmagyny gazanmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

2022