Halaç etrabynda keramika zawody işe giriziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halaç etrabynda keramika zawody işe giriziler
Kärhana ýylda takmynan, 192 müň tonna önüm öndürmäge ukyplydyr.

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda ýerleşýän “Döwletli döwran” hojalyk jemgyýeti tiz wagtdan welaýatyň Halaç etrabynda keramika önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän döwrebap kuwwatly zawody işe girizmäge taýýarlanýar.

“Türkmen gündogary” gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, häzirki wagtda täze bina ediljek zawodyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra geçip, bu ýerde onuň esasy we kömekçi desgalary guruldy. Kärhana ýylda takmynan, 192 müň tonna önüm öndürmäge ukyplydyr.

Şeýle-de daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda zawodyň işe goýberiş-sazlaýyş işleri dowam edýär.

Hojalyk jemgyýetiniň başlygy Lebap Annageldiýewiň aýtmagyna görä, önümçilik bölümleri belli kompaniýalaryň enjamlary bilen üpjün edildi. Häzirki wagtda italýan, ispan we ýapon kompaniýalarynyň enjamlarynyň esasy bölegi getirildi, galanlary bolsa ýakyn wagtda gelip gowşar.

“Döwletli döwran” hojalyk jemgyýeti 2017-nji ýylda Halaç etrabynyň çäginde bölünip berlen 28 gektar ýer böleginiň 1,5 gektar meýdanynda täze zawodyň gurluşygyna başlady.