Zähmet we ilatyň iş üpjünçüligi boýunça okuw maslahaty geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Zähmet we ilatyň iş üpjünçüligi boýunça okuw maslahaty geçirildi
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar onlaýn gepleşikleriň Türkmenistanyň iş üpjünçiligi gulluklarynyň işinde ýene bir netijeli täzeçillikdigini nygtadylar. (Surat: BMGÖM)

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde 15-18-nji sentýabr aralygynda onlaýn-okuw maslahaty geçirildi. Bu barada BMGÖM sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, okuw maslahatyna Aşgabat, Tejen, Mary, Türkmenabat, Türkmenbaşy we Daşoguz şäherleriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleriniň 20-den gowrak wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň esasy maksady goldawa mätäç ilat toparyndan ýaşlara iş üpjünçiliginde maslahat we psihologiki kömek bermek üçin dürli usullar bilen tanyşdyrmakdan we olary ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar söhbetdeşiň ruhy ýagdaýyna baha bermek usullaryny hem tejribe esasynda ulandylar. Şeýle-de “işjeň diňlemek” we “eşitmek” düşünjeleriniň arasyndaky tapawutlar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary Batyr Gurbannazarowyň belleýşi ýaly, aragatnaşygyň esasy usullaryny we düzgünlerini bilmek, işe ýerleşmek üçin ýüz tutýan raýatlar bilen netijeli  söhbetdeşlik geçirmek mümkinçiligini ep-esli ýokarlandyrýar.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar onlaýn gepleşikleriň Türkmenistanyň iş üpjünçiligi gulluklarynyň işinde ýene bir netijeli täzeçillikdigini nygtadylar.