“Agzybirlik Tilsimaty” interaktiw tagtalaryň önümçiligini ýola goýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Agzybirlik Tilsimaty” interaktiw tagtalaryň önümçiligini ýola goýar
“Agzybirlik Tilsimaty” “Intel Core i3”, “Core i5” hem-de “Core i7” prosessorlary oturdylan şahsy kompýuterleriň önümçiligini ýola goýdy.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Tehnologiýalar merkeziniň “Agzybirlik Tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy interaktiw tagta öndürmegi meýilleşdirýär.

Kärhananyň wekili Döwlet Orazlyýewiň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda interaktiw tagtalaryň ekranlarynyň diagonaly 43, 55, 75 hem-de 98 dýum görnüşlerinde önümçiliginiň ýola goýuljakdygyny belledi.

“Şeýle-de kärhanamyz “Intel Core i3”, “Core i5” hem-de “Core i7” prosessorlary oturdylan şahsy kompýuterleriň önümçiligini ýola goýdy. Häzirki wagtda bu kompýuterleriň iki müňe golaýy öndürilip, satuwa çykaryldy. Şahsy kompýuterleriň bahasy onuň toplumyna bagly bolup, ol 2800 - 8000 manat aralygyndadyr” diýip, D.Orazlyýew gürrüň berdi.

Mundan başga-da, kärhana Türkmenistanyň döwlet söwda nokatlaryny täze kassa enjamlarynyň üpjünçiligini ýola goýdy. Merkezleşdirilen kassa enjamy dükanyň harytlar bilen üpjünçiligi baradaky maglumatlary ulgamlaşdyrmaga, onuň ýeterlik goruny öz wagtynda üpjün etmäge, hasaplaşygyň elektron hasabatyny alyp barmaga mümkinçilik berýär.

“Agzybirlik Tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy Diýarymyzda kompýuter we elektron tehnikalaryny öndürmek maksady bilen, 2018-nji ýylda döredildi. Kompaniýa “Microsoft” we “Intel” ýaly transmilli korporasiýalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

2022