“Lufthansa” gatnawyň öňýany koronawirus ýokanjyna barlag geçirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Lufthansa” gatnawyň öňýany koronawirus ýokanjyna barlag geçirer
Antigeniň barlygyny anyklamak üçin bir gezeklik enjamy netijäni 15 minudyň dowamynda görkezýär.

Germaniýanyň “Lufthansa” awiakompaniýasy oktýabr aýyndan başlap ýolagçylarda koronawirus ýokanjynyň dessin barlagyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň aýdanlaryna salgylanyp, Reuters sişenbe güni habar berdi.

Kompaniýanyň önümler, ýerüsti we sanly hyzmatlar boýunça müdirliginiň başlygy Býern Bekkeriň aýtmagyna görä, çäklendirilen üpjünçilik sebäpli, ilki bilen täze antigen synaglary birinji we biznes klassda uçýan ýolagçylar üçin elýeterli bolar.

“Mälim bolşy ýaly, “Abbott” we “Roche” derman öndüriji kompaniýalary dessin synaglary geçirip başladylar we häzirki wagtda biz bu ugurda gepleşikleri alyp barýarys” diýip, Bekker belledi.

BAE-niň “Emirates” awiakompaniýasy aprel aýynda ilkinji bolup uçuşyň öňýany ýolagçylarda koronawirus ýokanjynyň dessin barlagyny geçirip başlady diýip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar.

ABŞ-nyň “Abbott” kompaniýasynyň antigeniň barlygyny anyklamak üçin bir gezeklik enjamy netijäni 15 minudyň dowamynda görkezýär. Karz karty bilen deň ölçegdäki enjamyň bahasy 5 dollara deňdir. Barlaglary ykjam “NAVICA” applikasiýasy bilen sazlaşdyryp bolýar. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, applikasiýa “edaralara we beýleki ýerlere girmek üçin howpsuz sanly rugsatnama hökmünde hyzmat edip biler”.

2022