“Boeing” koronawirusa garşy göreşmekde UM-çyraly enjamy öndürmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Boeing” koronawirusa garşy göreşmekde UM-çyraly enjamy öndürmekçi
Täze enjamda oturdylan 222-nanometrlik ultra-melewşe çyrasy ähli zady zyýansyzlandyrmaga ukyply . (Surat: “Boeing ”)

“Boeing” awiakompaniýasy “Healthe” kompaniýasy bilen uçarlaryň içinde zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek üçin ultra-melewşe çyraly (UMÇ) enjamyny işläp düzmek üçin şertnama baglaşdy. Bu barada anna güni BAE-niň “The National”gazeti habar berdi.

Bu COVID-19 pandemiýasy döwründe ýolagçylaryň howpsuzlygyny hem-de abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirlen “Confident Travel Initiative” (CTI – Ynamly syýahatçylyk) başlangyjynyň bir bölegidir.

“UMÇ göçme enjamy beýleki meňzeş enjamlar bilen deňeşdirilende has-da netijeli görnüşde işlenip düzülendir. Bu enjam uçaryň içinde dessin zyýansyzlandyryş işlerini geçirmäge hem-de ýolagçylaryň we ekipažyň beýleki gorag derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär” diýip, “Boeing” kompaniýasynyň CTI başlangyjynyň ýolbaşçysy Maýk Delaneý belledi.

“Boeing” UMÇ göçme enjamyny işläp düzmek üçin alty aý wagt sarp etdi we patentlenen nusgasyny “Healthe” kompaniýasyna köpçülikleýin öndürmek üçin geçirdi” - diýip, M.Delaneý nygtady.

Täze enjam ýylyň ahyryna çenli awiakompaniýalar üçin elýeterli bolar. “Healthe” bu önümi täjirçilik esasda öndürip, koronowirusa garşy göreşmekde awiakompaniýalary üpjün eder.

Täze enjamda oturdylan 222-nanometrlik ultra-melewşe çyrasy ähli zady zyýansyzlandyrmaga ukyply bolup, ol patogenleri netijeli ýok etmäge mümkinçilik berer.

“Boeing” kompaniýasynyň maglumatyna görä, täze enjam ozal ulanylýan sanitariýa işleri üçin goşmaça kömekdir.

Abu-Dabide ýerleşýän “Etihad Airways” awiakompaniýasy ilkinji bolup geçen aý “Etihad 787-10 ecoDemonstrator” uçarynda UMÇ göçme enjamyny synagdan geçirip, oňa baha berdi.

2022