Owganystanda $160 millionlyk “arassa” elektrik stansiýalary gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystanda $160 millionlyk “arassa” elektrik stansiýalary gurlar
Bu desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurtda goşmaça 110 megawatt “arassa” energiýa öndürmäge mümkinçilik berer.

Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” döwlet energiýa kompaniýasy ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden energiýa öndürmek boýunça taslamalaryň dördüsini gurmak üçin şertnamalara gol çekdi. Bu barada “REVE” žurnaly anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, taslamalaryň umumy bahasy 160 million amerikan dollaryna barabar bolup, olary 18-27 aýyň dowamynda gurup, işe girizmek meýilleşdirilýär. Bu desgalaryň ulanmaga berilmegi ýurtda goşmaça 110 megawatt “arassa” energiýa öndürmäge mümkinçilik berer.

Taslamalary amala aşyrmaga owgan kompaniýalary Türkiýeden we Hindistandan bolan hyzmatdaşlar hem-de ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) bilen ýakyn hyzmatdaşlykda gatnaşarlar.

Şertnamalar demirgazyk Balhda kuwwaty 40 megawatt bolan gün fotoelektrik stansiýasynyň, Eýran bilen serhediň ýakynyndaky Hyratda hersiniň kuwwaty 25 megawatt bolan gün we ýel elektrik stansiýalarynyň hem-de Kabul welaýatynyň gündogarynda ýerleşýän Naglu bendinde suwda ýüzýän gün elektrik stansiýasynyň gurulmagyny göz öňünde tutýar.

“Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi diňe ýurduň energetika pudagynda ösüşiň subutnamasy bolman, eýsem energiýa beýleki pudaklary ösdürmegiň hem esasy bolup durýar” diýip, Owganystanyň Maliýe ministrliginiň syýasat we ösüş müdirliginiň ýolbaşçysy Lima Koram “Arab News” habar agentligine aýtdy.

Habar berilişi ýaly, 400 megawatt elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçiligi bolan Owganystan sarp edijiligini kanagatlandyrmak üçin häzirki wagtda Eýrandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan 1.2 gigawatt elektrik energiýasyny satyn alýar.

Maglumatlara görä, ilatyň sarp edijiligini üpjün etmek üçin ýurda jemi 7.5 gigawatt elektrik energiýasy gerekdir.

2022