Saud Arabystanyň “Saudi Aramco” döwlet nebitgaz kompaniýasy Ýaponiýa dünýäde gök ammiagyň ilkinji tapgyryny ugratdy diýip, kompaniýanyň ýekşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.
Transmilli nebitgaz kompaniýasy tarapyndan uglewodorodlary wodoroda, soňra ammiaga öwürmek arkaly öndürilýän bu önüm elektrik stansiýalarynda kömürturşy gazly zyňyndysyz elektrik energiýasyny öndürmek üçin ulanylýar.
Kompaniýanyň maglumatyna görä, Ýaponiýa “geljekde elýeterli we pes uglerod zyňyndyly energiýany öndürmekde mümkinçilik döretjek” 40 tonna gök ammiak getirler.
Şeýle-de gök ammiagyň önümçiliginde alnan 30 tonna kömürturşy gazy kompaniýanyň “Sabic” nebithimiýa golçur kompaniýasy tarapyndan metanoly öndürmekde ulanylar. Kömürturşy gazynyň ýene 20 tonnasy “Aramco”-nyň eýeçiligindäki Usmaniýa nebit ýatagynda nebitiň önümçiligini ýokarlandyrmak üçin ulanylar diýip, habar aýdylýar.
Gök ammiak “Aramco”, “Sabic” kompaniýalarynyň hem-de Ýaponiýanyň ykdysadyýet we energetika institutynyň (IEEJ) bilelikdäki taslamasynyň çäginde öndürilip, Ýaponiýa iberildi. Bu taslama Ýaponiýanyň Söwda we senagat ministrligi tarapyndan goldanýar.
Ýaponiýa ammiagyň düzümindäki wodorody ulanmakda dünýäde öňdebaryjy bolmaklyga çemeleşýär. Howanyň ählumumy üýtgemeginiň öňüni almaga gönükdirilen Pariž ylalaşygyna laýyklykda, Ýaponiýa 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny möçberini 26% peseltmegi öz üstüne aldy.