Pakistan “mawy ýangyjyň” ýetmezçiliginiň artýandygy sebäpli gazyň ýerasty ammaryny gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmegi dowam eder.
DAWN habar agentliginiň sişenbe güni habar berşi ýaly, ýurduň Hökümeti adatdan daşary ýagdaýlarda peýdalanmak üçin ýerasty gaz ammarynyň döredilmegine girişdi. Ammaryň döredilmegi gyş pasly döwründe ýurtda gaza bolan içerki islegiň artmagynda gaz üpjünçiliginiň kesilmegi bilen baglydyr.
Şeýle hem Aziýa Ösüş bankynyň (AÖB) 575000 amerikan dollary möçberinde maliýeleşdirmegindäki taslamanyň çäklerinde bank nebitgaz enjamlaryny öndürýän Ýewropa kompaniýalarynyň konsorsiumynyň goldamagynda tehniki barlaglary geçirmäge razyçylygyny berdi diýip, habarda aýdylýar.
Pakistanyň premýer-ministriniň nebit meseleleri boýunça ýörite kömekçisi Nadim Babar duşenbe güni AÖB-niň hem-de ýerasty gaz ammaryny gurmakda gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda barlag işlerini 2021-nji ýylyň maý aýyna çenli tamamlamak hem-de ýerasty ammaryň gutarnykly gurluşyk usulyýetini taýýarlamak barada çözgüt kabul edildi.
Bu taslama tutuş ýylyň dowamynda sarp edijileri gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde Pakistanyň mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam berer. Pakistan gaz importy boýunça Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) hem-de Eýran-Pakistan-Hindistan gaz geçirijileriniň gurluşygy ýaly dürli taslamalary durmuşa geçirýär, şeýle hem Katardan we beýleki ýurtlardan suwuklandyrylan gazy satyn alýar. Mundan başga-da, import edilýän gazy ýurduň sebitlerine ibermek üçin “Demirgazyk-Günorta” gaz magistralyny gurmak meýilleşdirilýär.