“Toyota” wodorod bilen işleýän elektrik ýük ulagyny işläp taýýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Toyota” wodorod bilen işleýän elektrik ýük ulagyny işläp taýýarlar
“Toyota” 2017-nji ýyldan bäri Los Anjelsiň portunda elektrik ýük ulaglarynyň synaglaryna gatnaşyp gelýär.

“Toyota Motor Corp.” kompaniýasy “Hino Motors Ltd.” golçur kompaniýasy bilen bilelikde Demirgazyk Amerika bazary üçin wodorod bilen işleýän hereketlendirijili ýük ulagyny öndürmegi meýilleşdirýär.

Ýapon kompaniýasynyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, “The Class 8” ýük ulaglary ýakynda “Hino Motors Ltd.” kompaniýasy tarapyndan hödürlenen “XL” şassisiniň esasynda gurnalyp, oňa “Toyota”-nyň wodorod bilen işleýän hereketlendirijisi oturdylar. Täze ýük ulagynyň prototipini 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda görkezmek meýilleşdirilýär. Bu başlangyç “Toyota”-nyň 2020-nji ýylyň mart aýynda mälim eden ýapon bazary üçin wodorod bilen işleýän hereketlendirijili 25 tonnalyk ýük ulagyny öndürmäge itergi berýär.

“Toyota” kompaniýasynyň ýangyç tehnologiýasynyň ösüşindäki ýigrimi ýyldan gowrak döwri  “Hino”-nyň ýük ulag öndürmek pudagyndaky tejribesi bilen utgaşyklykda innowasion we ýöriteleşdirilen önüm öndüriler” diýip, “Toyoto”-nyň barlaglar we işläp taýýarlamalar bölüminiň baş ýerine ýetiriji inženeri Tak Ýoku teswirledi.

 “Toyota” 2017-nji ýyldan bäri Los Anjelsiň portunda elektrik ýük ulaglarynyň synaglaryna gatnaşyp gelýär. Ýangyç tehnologiýasy wodorod gazyny we kislorody elektrik energiýasyna öwürip, zyňyndysyz elektrik hereketlendirijisi üçin energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär. Onuň netijesinde diňe suw bugy bölünip çykýar.

 
2022