“Batly Gadam” dokma önümleriniň eksportyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Batly Gadam” dokma önümleriniň eksportyny artdyrýar
Geçen ýyl kärhananyň Russiýa we Türkiýä iberen süýümleriniň mukdary 3 müň 826 tonna deň boldy.

Türkmenistanda importyň ornuny tutýan harytlary öndürmek hem-de eksport önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalary uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyzda öndürilýän harytlara bolan isleg diňe bir ýerli bazarlarda artman, eýsem daşary ýurt bazarlarynda hem artýar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň (TDGG) çarşenbe güni habar berşi ýaly, “Batly Gadam” hususy kärhanasy şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda nah ýüplügiň 187 müň 292 tonnadan gowragyny we ýokary hilli 309 müň 856 jübüt jorap önümlerini eksport etdi.

Harytlaryň birnäçe tapgyry esasan Russiýa Federasiýasyna we Türkiýe Respublikasyna ugradyldy diýip, TDGG-y habar berýär.

Bellenilişi ýaly, kärhana ISO-nyň halkara ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýän joraplary we süýümleri öndürmekde ulanylýan çig mal bilen özüni üpjün edýär.

Ýurdumyzyň Balkan welaýatynda ýerleşýän “Batly Gadam” kärhanasy şu ýyl 2,300 gektardan gowrak meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirdi. Kärhana her günde 13,5 tonna ýokary hilli süýüm hem-de 50 müň jübüt jorap önümlerini çykarýar.

Geçen ýyl kärhananyň Russiýa we Türkiýä iberen süýümleriniň mukdary 3 müň 826 tonna deň boldy.