“Gerçek” aýakgaplarynyň önümçiligi artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gerçek” aýakgaplarynyň önümçiligi artýar
Kärhana ýylda 19,5 million jübüt aýakgap taýýarlamaga niýetlenendir.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Gerçek” haryt nyşanly aýakgap öndürýän kärhanada şu ýylyň başyndan bäri öndürilýän önümleriň möçberi 4 million jübütden geçip, ony ýylyň ahyryna çenli 6 million jübüte ýetirmek meýilleşdirilýär.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, isleglere görä, önümçiligiň möçberini has-da güýçlendirmek mümkindir. Kärhana ýylda 19,5 million jübüt aýakgap taýýarlamaga niýetlenendir.

Häzirki wagtda kärhanada güýz-gyş möwsümi üçin täze önümleriň önümçiligi alnyp barylýar we esasan, içi sütükli ädikleriň taýýarlanylmagyna üns berilýär. Şeýle-de bu ýerde çagalar, ýetginjekler, gelin-gyzlar, oglanlar üçin niýetlenen dürli biçüwdäki, dürli ölçegdäki aýakgaplaryň ýüzlerçe görnüşi öndürilýär.

Dürli ugurly önümçilik bölümleriniň 7-sinde aýry-aýry bölümlerde üsti açyk hem-de ýapyk aýakgaplaryň tapgyrlaýyn taýýarlanylmagy amala aşyrylýar: dokma, çatuw, nagyşlama, lazer, tikinçilik, bezegleri dakmak, görnüşli önümleri taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Önümçilikde, esasan, emeli deri, dürli reňkli ýüpler, poliuretan, poliwinilhlorid çig mal hökmünde ulanylýar.

2015-nji ýyldan bäri önümçiligi alyp barýan “Gerçek” haryt nyşanly aýakgap öndürýän kärhanada häzirki wagtda 397 hünärmen zähmet çekýär.