Daşoguzda şaly hasyly ýygnalyp başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda şaly hasyly ýygnalyp başlandy
Daşoguz welaýatynda şalynyň esasan-da “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Alenga” ýaly ýerli şertlerde ýokary hasyl berýän görnüşleri ösdürilýär.

Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde şaly hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar. Şu ýyl Daşoguz welaýaty boýunça şaly üçin 8,1 müň gektar ýer bölünip berildi. Bu meýdandan ekerançylar 35 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler.

“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, Daşoguz welaýatynda şalynyň esasan-da “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Alenga” ýaly ýerli şertlerde ýokary hasyl berýän görnüşleri ösdürilýär.

Hasyly ýygnamak işlerinde 130 sany döwrebap ýokary öndürijilikli kombaýnlar hem-de daşamak işlerine uly möçberde ýük awtoulaglar ulanylýar.

Welaýatyň S.Türkmenbaşy etraby şaly önümçiliginiň esasy öndürijisi bolup, bu ýerde şaly hasylynyň aglaba bölegi ösdürilip ýetişdirilýär. Mundan başga-da, Daşoguz welaýatynda ýylda 30 müň tonna tüwi öndürmäge niýetlenen ýokary tehnologiýaly kärhana gurulyp, ulanylmaga berildi.

Şalyçylyk Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk ulgamynyň esasy pudaklarynyň biridir. Şeýle-de bu ýerde şaly bilen bir hatarda mäş, künji we noýba ýaly däne kösükli ösümlikler uly möçberde ösdürilip ýetişdirilýär.

Türkmenistanda Lebap welaýaty şalyny iri öndüriji bolup, bu ekini ösdürip ýetişdirmek üçin bu ýerde 10 müň gektardan gowrak ýer bölünip berildi. Şu ýyl sebitiň şaly öndürijileri döwlete hasylyň 47 müň tonnadan gowragyny tabşyrmagy maksat edinýärler.