Özbegistan aýakgaplary eksport etmegiň çäklerini giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan aýakgaplary eksport etmegiň çäklerini giňeldýär
Häzirki wagtda özbek aýakgaplarynyň eksporta ugradylýan ýurtlarynyň sany 12-ä ýetdi.

Özbegistan şu ýyl ABŞ, Birleşen Arap Emirliklerine, Kuweýte, Latwiýa we Moldowa aýakgap önümleriniň eksportyny ýola goýdy. Bu barada Özbegistanyň Milli habar agentligi geçen şenbe güni habar berdi.

Ýurduň Döwlet gümrük komitetiniň maglumatyna görä, ýylyň başyndan bäri umumy bahasy 27 million 978 müň amerikan dollarlyk 23 million 656 müň jübüt aýakgap eksporta ugradyldy.

Şeýleleikde, özbek harytlarynyň bu görnüşiniň eksportynyň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 91% ýokarlandy. Şol bir wagtda, ýerli önümçiligiň giňeldilmeginiň hasabyna aýakgabyň importy 74% çenli peseldi.

Häzirki wagtda özbek aýakgaplarynyň eksporta ugradylýan ýurtlarynyň sany ýokarda agzalan döwletler bilen bilelikde 12-ä ýetdi.