Türkmen kompaniýasy ýüň ýüplükleriň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy ýüň ýüplükleriň önümçiligini ýola goýdy
Geljekde kompaniýa önümleriň görnüşlerini has-da artdyryp, daşary ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistan ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamakda we höweslendirmekde maksadalaýyk işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyza daşyndan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän önümçilikleri artdyrmak häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öňünde goýlan esasy wezipe bolup durýar.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, “Kerwenler” hususy kärhanasy şu ýylyň aprel aýyndan bäri ýüň ýüplügiň onlarça tonnasyny hem-de 6 müň metre golaý kilim we örtgi ýaly dokma önümlerini öndürdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýanyň täze işe girizilen “Ýüň ýüplük we dokma” önümçilik kärhanasyny ýüň egirme we dokma bölümlerinden ybarat bolup, ýüň egirme bölüminde ýokary hilli, dürli belgili goýun ýüňünden ýüň ýüplükler we poliester garyndyly ýüň ýüplükler öndürilýär. Şeýle hem bu ýerde sap ýüňden türkmen halysynyň ýokary hilli ýüplüklerini öndürmek işleri ýola goýuldy.

Dokma bölüminde dürli ölçegdäki kilim we örtgi (pokrywal) önümleri, ýüňden we ýarym ýüňden ýokary hilli ýorganlar öndürilýär. Bu bölümiň kilim we örtgi (pokrywal) öndürmekde kuwwatlylygy aýda 13 müň metre, ýylda 156 müň metre deňdir. Ýüň ýorganyň aýda 7,5 müň, ýylda 90 müň sanysyny öndürmäge mümkinçilik bardyr.

Häzirki wagtda kärhananyň önümleri paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky söwda merkezlerine iberilýär. Geljekde kompaniýa önümleriň görnüşlerini has-da artdyryp, daşary ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022