Türkmenistanyň gümrük çägine ulag serişdeleriniň wagtlaýyn getiriliş möhletleri kesgitlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň gümrük çägine ulag serişdeleriniň wagtlaýyn getiriliş möhletleri kesgitlenildi
Gümrük posty aýratyn halatlarda ulag serişdesiniň wagtlaýyn getiriliş möhletini görkezilen möhletden has gysga ýa-da has dowamly möhlete bellemäge haklydyr.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda çykaran 94 belgili buýrugy bilen Türkmenistanyň gümrük çägine ulag serişdeleriniň wagtlaýyn getiriliş möhletleri kesgitlenildi.

Buýruga laýyklykda, ulag serişdesi wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgünine ýerleşdirilende, onuň wagtlaýyn getiriliş möhletiniň bellenilmegi şu tertipde amala aşyrylýar:

Ulag serişdesiniň giriş deklarasiýasynda ulag serişdesiniň wagtlaýyn getiriliş möhleti, onuň wagtlaýyn getirilmegine sebäp bolan ulag operasiýasy tamamlanandan soň ol ulag serişdesiniň haýal etmän yzyna alnyp gidilmegi üçin zerur bolan wagtdan ugur alnyp, ýöne aşakda görkezilen möhletlerden artyk bolmadyk möhletde daşaýjy (onuň wekili) tarapyndan görkezilýär:

  • awtoulag serişdesi (tirkegleri, ýarym tirkegleri we gatyşyk ulag serişdelerini hem goşmak bilen), muňa konteýnerler degişli däldir – 30 senenama günden;
  • demir ýol ulag serişdesi (düzüminiň birligi), muňa konteýnerler degişli däldir – 90 senenama günden;
  • islendik görnüşli ulag serişdesi arkaly daşalýan konteýnerler – 90 senenama günden;
  • deňiz (derýa) gämisi we howa gämisi – Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýeriniň administrasiýasynyň (aeroportyň, aerodromyň, deňiz, derýa portunyň) gümrük edarasy bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ylalaşan tertibine laýyklykda kesgitlenilýän möhletden;

Türkmenistanyň gümrük çäginde ulag serişdesinden düşürmezden daşalýan, gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlary daşaýan islendik görnüşli ulag serişdesiniň wagtlaýyn getiriliş möhleti, Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 47-nji maddasyna laýyklykda ol harytlar babatda bellenilen gümrük üstaşyrynyň möhletine görä kesgitlenilýär;

Gümrük posty aýratyn halatlarda gümrük gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen, daşaýjynyň arzasyndan ugur alyp we göz öňünde tutulýan ulag operasiýasynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly ähli ýagdaýlary nazara almak bilen, gümrükhana bilen ylalaşyp, ulag serişdesiniň wagtlaýyn getiriliş möhletini görkezilen möhletden has gysga ýa-da has dowamly möhlete bellemäge haklydyr;

Bellenilen möhletlerde ulag serişdesiniň yzyna alnyp gidilmegi mümkin bolmadyk halatynda, iş zolagynda ulag serişdesiniň hakykatda ýerleşýän gümrük edarasy daşaýjynyň, ulag serişdesine eýelik etmäge hukugy alan şahsyň ýa-da başga dahylly şahsyň, wagtlaýyn getiriliş möhleti tamamlanmazdan öň, delillendirilen ýüz tutmasy boýunça wagtlaýyn getirmegiň ilkibaşda bellenilen möhletini, ol ulag serişdesini Türkmenistanyň gümrük çäginden yzyna alnyp gidilmegine mümkin bolmazlygyna sebäp bolan ýagdaýlary aradan aýyrmak üçin zerur bolan wagta uzaldýar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň “Ulag serişdeleriniň wagtlaýyn getiriliş möhletleri hakynda” buýrugy Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda 1397 belgisi bilen döwlet belligine alyndy.