“Guwlyduz” duz önümçiliginiň mukdaryny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Guwlyduz” duz önümçiliginiň mukdaryny artdyrýar
“Guwlyduz” kärhanasy duz çykarmakda Merkezi Aziýa sebitinde birinji, dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär.

“Guwlyduz” kärhanasy tarapyndan şu ýylyň geçen 9 aýynda gazylyp alnan duzuň möçberi 72 müň 854 tonna deň boldy.

“Balkan” welaýat gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, Balkan welaýatynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýerleşen kärhananyň golaýyndaky “Duzly kölünden” alynýan çig maly gaýtadan işläp, her ýylda ýodlaşdyrylan nahar duzunyň 40 müň tonnasyny, gerdejik görnüşli tehniki duzuň bolsa 2,5 müň tonnasyny taýýarlamaga mümkinçiligi bardyr.

Täze işe girizlen önümhanada önümler 1 we 2 kilogramlyk ýörite plastik bedrejiklere hem-de 10 kilogramdan 50 kilograma çenli haltalara gaplanylýar. Bu ýerde şu ýylyň başyndan bäri öndürilip, ýörite gaplara gaplanan nahar duzunyň umumy möçberi 13 müň 394 tonna deň boldy.

“Guwlyduz” kärhanasy duz çykarmakda Merkezi Aziýa sebitinde birinji, dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär. Geçen ýylyň ilkinji dokuz aýynda 71 müň 745 tonna duz gazyp çykaryldy.

2022