“Ak harman” hojalyk jemgyýeti pagta önümlerini eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak harman” hojalyk jemgyýeti pagta önümlerini eksport edýär
“Ak harman” 2019-njy ýyldan başlap “Ultra Compact”, “Happy”, “Freshmaker”, “Tocca”, “Tofita”, “Titiz” ýaly kompaniýalara taýýar pagta önümlerini hem eksport edip başlady.

Türkmenistanda kiçi we orta işewürligi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini giňeltmäge hem-de ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri ösdürmäge saldamly goşant goşýar.

“Ak harman” hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ösdürip ýetişdirilýän pagtadan taýýarlanylýan gulak arassalaýjy pamyk çöpleri we ýüzüňi tämizlemekde ulanylýan arassaçylyk-gözellik pamyk ýassyjaklary bilen içerki hem-de daşarky bazarlary üpjün edýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, öndürilýän önümleri gaplamak üçin gerek bolan plastik gaplar hem kärhananyň özünde öndürilýär.

Mundan başga-da, kompaniýa 2019-njy ýyldan başlap “Ultra Compact”, “Happy”, “Freshmaker”, “Tocca”, “Tofita”, “Titiz” ýaly ugurdaş meşhur kompaniýalar bilen şertnamalary baglaşyp, olara ýokary hilli taýýar pagta önümlerini hem eksport edip başlady.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Ak harman” hojalyk jemgyýeti 2017-nji ýylda döredildi.

2022