Russiýanyň Merkezi banky sanly rubly girizmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýanyň Merkezi banky sanly rubly girizmegi meýilleşdirýär
2020-nji ahyryna çenli Russiýanyň Merkezi banky maliýe pudagynyň hem-de bilermenler bileleşiginiň wekilleri tarapyndan hödürlenýän tekliplere we teswirlere sereder.

Russiýanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy Elwira Nabiullina geçen anna güni geçirilen metbugat ýygnagynda 2021-nji ýylyň ahyryna çenli sanly rublyň synag taslamasyna badalga beriljekdigini mälim etdi. Bu barada “RT” habar agentligine salgylanyp, TDH sişenbe güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, puluň täze görnüşi elektron koduna eýe bolup, ol kriptowalýuta hökmünde hasaplanmaz. Sanly milli walýutany nagt we nagt däl rubl ýaly töleg hem-de maýa serişdeleri hökmünde ulanyp bolýar. Sanly walýuta diňe işewürlige we hökümete elýeterli bolman, eýsem raýatlara hem elýeterli bolar.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, geljekde sanly rubl bilen töleg maliýe amallaryny geçirmegiň iň howpsuz usuly bolar.

“Eger sanly rublyň badalga berilmeginiň maksadalaýyklygy barada çözgüt kabul edilse, biz onuň doly konsepsiýasyny taýynlarys” diýip, Nabiullina belledi.

13-nji oktýabrda Russiýanyň banky sanly milli walýutany girizmek barada makalasyny hödürledi, emma bu boýunça soňky çözgüt kabul edilmedi. Şeýlelik-de 2020-nji ahyryna çenli Russiýanyň Merkezi banky maliýe pudagynyň hem-de bilermenler bileleşiginiň wekilleri tarapyndan hödürlenýän tekliplere we teswirlere sereder diýip, habarda aýdylýar.

“Biz sanly rubly girizmeginiň geljegini jemgyýet, kärhanalar hem-de işewürlik bilen giňişleýin maslahatlaşmakçy. Bu taslamanyň bir tarapdan geljegi ulydyr. Şeýle-de bu taslama sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen ysnyşykly baglanyşykdadyr” diýip Nabiullina nygtady.

Täze sanly walýutany internet elýetersiz ýerde hem ulanyp bolar.

 
2022