Özbegistan dokma önümçiliginiň eksportyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan dokma önümçiliginiň eksportyny artdyrýar
Özbegistanyň dokma önümleri esasan Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Polşa, Gazagystan we Gyrgyzystan ýaly ýurtlara iberilýär.

Özbegistan şu ýylyň dokuz aýynda daşary ýurtlara dokma önümleriniň 455 görnüşini eksport edip, pul hasabynda bu görkeziji 1,3 mlrd. amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp, “UzA” habar agentligi geçen şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, dokma önümleriniň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 171,6 mln. amerikan dollaryna çenli, ýagny 14,6% ýokarlandy.

Özbegistandan Russiýa 486,5 mln. amerikan dollarlyk, Hytaýa – 277,5 mln. amerikan dollarlyk, Türkiýä – 153,4 mln. amerikan dollarlyk, Polşa – 32,6 mln. amerikan dollarlyk, Gazagystana – 30,6 mln. amerikan dollarlyk, Gyrgyzystana – 196,5 mln. amerikan dollarlyk dokma önümleri eksport edildi.

2020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Özbegistan 148,3 mln. amerikan dollarlyk dokma önümlerini import etdi, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,2% pesdir.

Agzalan döwürde Özbegistanyň dokma kärhanalary tarapyndan pul hasabynda 23,8 trln. sumlyk ($2,3 mlrd. golaý) önüm öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,8% ýokarydyr.