Häzirki döwürde Türkmenistanyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarlarda-da bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar.
“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ýerleşýän pagta egriji fabriginde şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 30 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Bu görkeziji bellenen meýilnamadan 5 million manat ýokary boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada taýýarlanan ýüplügiň ýaryna golaýy baglaşylan şertnamalara laýyklykda Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýä, Gyrgyzystana we beýleki ýurtlara ugradyldy.
Köneürgenç pagta egriji fabrigi ýurduň dokma pudagynyň ýokary tehnologiýaly önümçilikleriniň biridir. Bu ýerde oturdylan ýörite döwrebap enjamlar ýylda 6 müň 700 tonna pagtany gaýtadan işläp, 6 müň tonna ýokary hilli ýüplük öndürmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde dokma önümlerini öndürýän kärhanalaryň 80-den gowragy işleýär. Şeýle-de bu pudakda 26 müňe golaý adam zähmet çekýär. Şeýle-de häzirki wagtda öndürilýän dokma önümleriniň 55%-den gowragy daşary ýurtlara eksport edilýär.