Soňky ýyllarda türkmen telekeçileri ýurdumyzda azyk harytlary bilen bir hatarda dürli senagat harytlarynyň bolçulygynyň döredilmegine-de özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
“Watan habarlar” gepleşiginde duşenbe güni habar berlişi ýaly, Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Asman” hususy kärhanasynda ilatyň ýokary isleglerine laýyklykda mebel önümleriniň dürli görnüşleri öndürilip, bu ýerde önümçilik sazlaşykly ýola goýlandyr.
Hususy kärhanada mebel önümlerini taýýarlaýan bölümleriň birnäçesi bolup, raýatlarymyzyň hem-de edara-kärhanalaryň buýurmalary esasynda mebelleriň onlarça görnüşi öndürilýär. Bölümlerde ýokary hil ölçeglerine gabat gelýän tagta hem-de aýna mebel önümleri, aşhana we otag mebelleri, ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda çagalara niýetlenilen mebeller, gapylar, şeýle-de ýumşak mebeller öndürilýär.
Ösen tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy işleriň esasanam awtomatlaşdyrylan usulda ýola goýulmagyna uly mümkinçilik döredýär. Önümçilik bölümlerinde mebel önümlerine nagyşlary goýmak üçin ýörite lazer enjamy hem oturdylandyr.
Bu ýerde taýýarlanylýan dürli ölçeglerdäki mebel önümleri hususyýetçileriň mebel dükanynda ilata hödürlenilýär.