Eýran Pars aýlagynyň arassalanan suwuny gurak sebitlerine akdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran Pars aýlagynyň arassalanan suwuny gurak sebitlerine akdyrýar
Taslamanyň birinji tapgyry 24 sagatda 200 müň kub metr suwy arassalamaga we akdyrmaga niýetlenendir. (Surat: "IRNA")

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhany geçen penşenbe güni göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Pars aýlagyndan deňiz suwuny arassalamaga we ony turbalaryň üsti bilen ýurduň merkezi sebitine akdyrmaga gönükdirilen taslamanyň birinji tapgyryny işe girizdi. Bu barada “IRNA” habar agentligi habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, taslamanyň birinji tapgyry 24 sagatda 200 müň kub metr suwy arassalamaga we akdyrmaga niýetlenendir. Arassalanan suw Eýranyň merkezi we günorta-gündogar sebitleriniň senagat pudagynyň hem-de ilatynyň islegini kanagatlandyrar.

Eýranyň bu taslamasyna 16,3 million tuman ($3,88 milliarda golaý) maýa goýum goýuldy. Deňiz suwuny arassalamak taslamasynyň desgalary eýran hünärmenleri tarapyndan Pars aýlagynda hereket edýän kompaniýalaryň tejribeleri nazara alnyp, düzüldi we durmuşa geçirildi. Bu taslama 1200 sany iş ornuny döretmäge mümkinçilik döretdi.

Arassalanan suwy akdyrmak üçin niýetlenen turba geçirijisiniň umumy uzynlygy 800 kilometre barabardyr. Taslamanyň birinji tapgyrynda 305 kilometr turba geçirijisi çekildi, 7 sany nasos stansiýasy hem-de 10 sany elektrik beketleri, şeýle-de 150 kilometre golaý elektrik toguny geçiriji liniýalar çekildi, şol sanda birnäçe suw howdanlary guruldy. Taslama esasy 3 turbageçirijini öz içine alyp, olar ýylda 600 million kub metr arassalanan suwy Pars aýlagyndan ýurduň Kerman, Ýazd we Hormozgan welaýatlaryna akdyrmaga niýetlenendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022