Ýapon awiakompaniýasy zibillerden alynan bioýangyjy ulanmagy meýilleşdirýär

Ýapon awiakompaniýasy zibillerden alynan bioýangyjy ulanmagy meýilleşdirýär
Ýaponiýanyň “Japan Airlines Co.” (JAL) kompaniýasynyň maksady 2050-nji ýyla çenli howa gatnawlarynda emele gelýän zyýanly gazlary dolulygyna aradan aýyrmakdan ybaratdyr. (Surat: "AFP")

Ýaponiýanyň “Japan Airlines Co.” (JAL) kompaniýasy 2022-nji ýyldan başlap, öý hojalygyndan çykan zibillerden alynan bioýangyjyny ulanmaga başlar. Bu barada “The Japan Times” gazeti geçen hepde habar berdi.

JAL San-Fransisko şäherinde ABŞ bilen Ýaponiýanyň arasynda awiagatnawlary ýerine ýetirýän uçarlaryna bu bioýangyjy guýmagy meýilleşdirýär.

Kompaniýa ABŞ-nyň “Fulcrum BioEnergy Inc.” startapy tarapyndan öndürilen bioýangyjy ulanar. 2018-nji ýylda JAL bu startapa 900 mln. ýene golaý ($8,6 mln.) maýa goýdy.

Awiokompaniýa ozal hem ýangyjyň bu görnüşini öz uçarlarynda ulanýardy. Emma yzygiderli ýagdaýda bu bioýangyç 2022-nji ýylyň aprel aýyndan başlap ulanylar.

Kompaniýanyň maksady häzirki zaman uçarlary we ýangyçlaryň görnüşlerini ornaşdyrmak  bilen, 2050-nji ýyla çenli howa gatnawlarynda emele gelýän zyýanly gazlary dolulygyna aradan aýyrmakdan ybaratdyr.

Mundan başga-da, Ýaponiýanyň ýene bir “All Nippon Airways” awiakompaniýasy 2023-nji ýyldan başlap, iýmit zyňyndylaryndan alnan bioýangyjy ulanmagy meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022