Lebapda ýeralmanyň bol hasyly ýygnalýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebapda ýeralmanyň bol hasyly ýygnalýar
Häzirki wagtda giçki ekilen 14 gektar meýdandaky ýeralmanyň hasyly hem ýygnalýar.

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek Türkmenistanda yzygiderli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň möhüm ugrydyr.

“Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, “Tebigy ekin” daýhan hojalygy şu ýyl özüne degişli 99 ýyl möhlet bilen bölünip berlen 953 gektar ýeriň 370 gektarynda ýeralmanyň “Gala” görnüşi ekdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerden irki ýeralmanyň 4 müň 811 tonna hasyly ýygnaldy. Häzirki wagtda giçki ekilen 14 gektar meýdandaky ýeralmanyň hasyly hem ýygnalýar. Söwda ulgamlaryna eýýäm 196 tonnadan gowrak hasyl iberildi.

Mundan başga-da, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän “Tebigy ekin” daýhan hojalygy ýylyň dowamynda ýeralmadan başga hem gök we bakja önümleriniň: hyýaryň, pomidoryň, kelemiň, badamjanyň, bulgar burçunyň, käşiriň, şugundyryň, garpyzyň, gawunyň, kädiniň, mäşiň uly möçberdäki hasylyny ýygnaýar.

2019-njy ýylda esaslandyrylan daýhan hojalygynda gök we bakja ekinlerinden hasyl ýetişdirmek işi bilen toparlaryň 6-sy meşgullanyp, zähmet çekýänleriň sany 250-ä golaýlaýar.

2022