Türkmen kompaniýasy ýuwujy serişdeleriniň eksportyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy ýuwujy serişdeleriniň eksportyny artdyrýar
Kärhana Özbegistan we Gyrgyzystan bilen hem söwda gatnaşyklaryny ösdürýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň görnüşleriniň möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde goýýan esasy wezipeleri bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda penşenbe güni habar berlişi ýaly, “Şatumar” hususy kärhanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň başyndan bäri “Şa” söwda nyşanly 5 kg. gaplara gaplanan ýuwujy serişdeleriniň 9 müň 400 sanysy Owganystana we 21 müň 853 sanysy Gazagystana eksport edildi.

Kärhana Özbegistan we Gyrgyzystan bilen hem söwda gatnaşyklaryny ösdürýär.

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşen “Şatumar” hususy kärhanasy öz işine 2009-nji ýylda gap ýuwujy serişdeleriň önümçiliginden başlady. Häzirki wagtda kärhanada ýokary hilli ýuwujy önümleriň 100-den gowrak görnüşi bolup, olar “Şa”, “Emir”, “Ýunus”, “Tumar”, “Dana” haryt nyşanlary bilen sarpedijilere ýetirilýär.

Geçen ýyl hususy kärhana “OK” haryt nyşanly atyrlaryň 40-a golaý görnüşlerini öndürmäge başlady. Olaryň 24 görnüşi zenanlara, 13 görnüşi erkeklere niýetlenendir. Üç görnüşi bolsa, uniwersal häsiýetde bolan parfýum önümleridir.

2022