Ahal welaýatyndan telekeçi pomidor şitilleriniň eksportyny meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal welaýatyndan telekeçi pomidor şitilleriniň eksportyny meýilleşdirýär
Şu ýyl ýyladyşhananyň 5 gektarynda pomidoryň “Redons” görnüşi ekilip, ondan bereketli hasyla garaşylýar.

Ýyladyşhana hojalyklarynyň ösdürilmegi soňky ýyllarda ynamly ösüş depginlerini görkezýän Diýarymyzyň obasenagat toplumynyň has-da öňe ilerlemegine itergi berdi. Täze kärhanalar açylýar, daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleri azaldylýar, oba hojalyk önümleriň öndürilişiniň we ekport edilişiniň mukdary artýar.

2020-nji ýylyň sekiz aýynda 34,9 million amerikan dollaryna barabar bolan gök önümleriň 32 müň tonnasy eksporta ugradyldy, bu bolsa 2019-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlaryndaky görkezijiler bilen deňeşdirilende degişlilikde 61,4% we 69,4% ýokarydyr. Gök önümleri eksport etmekde esasy paý, şol sanda ýyladyşhanada ýetişdirilýän pomidorlara (94,2%) degişlidir. 

 “Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, telekeçi Nurmuhammet Gapurowyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki ýyladyşhana toplumynda geçen ýyldan bäri pomidor şitilleri ýetişdirilip, ýurdumyzyň çar künjegindäki ýyladyşhanalara ugradylýar.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl pomidoryň saýlama görnüşleriniň 4 million şitili ösdürilip ýetişdirildi. Geljekde olary daşary ýurtlara ibermek hem meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, şu ýyl bu ýyladyşhananyň 5 gektarynda pomidoryň “Redons” görnüşi ekilip, ondan bereketli hasyla garaşylýar. Telekeçi N.Gapurowyň ýyladyşhana toplumynda dünýä belli kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen öňdebaryjy enjamlary oturdylandyr.

Golaýda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde telekeçi Halmämmet Amanmämmedowa degişli täze döwrebap ýyladyşhana açylyp, ulanmaga berildi. Ýyladyşhananyň umumy tutýan meýdany 5 gektara barabar bolup, onuň 4 gektarynda pomidor şitilleriniň 93 müňe golaýy oturdyldy. Onuň ilkinji hasylyny bu ýerde noýabr aýynyň ahyrynda ýygnamak göz öňünde tutulýar.

2022