Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Nurana Türkmen” hojalyk jemgyýeti “Eýwan mebel” haryt nyşany bilen sarp edijilere mebel önümlerini hödürleýär.
“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, kärhana ilatyň mebellere bolan isleglerini, talaplaryny ýerinde öwrenýär, ýagny buýrujylaryň öýlerine baryp, olaryň göwün islegine laýyklykda, mebelleridir gapylary ýasap berýär.
Döwrebap mebel öndürýän kärhanada ornaşdyrylan Germaniýanyň, Awstriýanyň we Türkiýäniň kämil enjamlary her ýylda ýaşaýyş we edara jaýlary üçin dünýä ölçeglerine gabat gelýän gapylaryň 40 müňüsini hem-de ýokary hilli dürli görnüşli aşhana mebelleriniň 12 müň sanysyny öndürmäge mümkinçilik berýär.
Bellenilişi ýaly, kärhananyň hünärmenleri zerur bolsa, müşderä otaglaryň içki bezegi, ýagny mebelleriň nähili ýerleşdirilmelidigi, onuň reňk taýdan sazlaşyklylygy babatda-da maslahat berýärler. Şeýle-de kärhanada boýag bölümi bolup, onda önümler müşderiniň islegine görä reňklenilýar.
2019-njy ýylda esaslandyrylan “Nurana Türkmen” hojalyk jemgyýetinde häzirki wagtda 100-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.