Aşgabat we Doha işewür gatnaşyklaryň höweslendirilmegine gyzyklanma bildirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Doha işewür gatnaşyklaryň höweslendirilmegine gyzyklanma bildirýärler
Taraplar Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň iri halkara guramalarynyň çäklerinde köpýyllyk hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda çarşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň habar berşi ýaly, telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Emiri iki tarapyň hoşniýetli erk-islegleri netijesinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, dürli pudaklarda ýakyn işewür gatnaşyklaryň höweslendirilmegine gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.

Taraplar sebit we ählumumy ähmiýetli möhüm meseleler boýunça pikir alşyp, Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň iri halkara guramalarynyň çäklerinde köpýyllyk hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtadylar.

Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda dünýäde dowam edýän hem-de adamzat üçin çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasy meselesine deglip geçildi. Şunda dünýä bileleşiginiň bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşde tagallalarynyň mundan beýläk-de jebisleşdirilmeginiň zerurdygyna ynam bildirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022