“Altyn tug” pomidoryň sekiz görnüşini ýetişdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Altyn tug” pomidoryň sekiz görnüşini ýetişdirýär
Türkmenistanda geljek ýylda umumy meýdany 1300 gektara barabar bolan 150-ä golaý ýyladyşhana gurmak meýilleşdirilýär.

“Altyn tug” hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhana toplumynda tutuş ýylyň dowamynda gök önümleri, şol sanda pomidoryň 8 görnüşi, bolgar burçunyň 2, ýertudanasynyň 3 görnüşi uly möçberde ösdürip ýetişdirilýär.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, ýyladyşhanada ýylda 2 müň 500 tonna pomidoryň, 20 tonna ýertudanasynyň, 4 tonna bolgar burçunyň hasyly alynýar.

Kompaniýa degişli ýyladyşhananyň umumy meýdany 12 gektara barabar bolup, onda nahallary ekmek, suwarmak, ýetişdirilen önümleri ýygnamak işleri awtomatlaşdyrylan görnüşde amala aşyrylýar.

Daşoguz welaýatynyň S.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde ýerleşýän ýyladyşhanada häzirki wagtda 120 hünärmen zähmet çekýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan umumy meýdany 356 gektara barabar bolan 100-den gowrak ýyladyşhanalar hereket edýär. Geljek ýylda ýene-de umumy meýdany 1300 gektara barabar bolan 150-ä golaý sanly ulgam esasynda dolandyrylýan ýyladyşhana toplumlaryny gurmak meýilleşdirilýär.

2022