“Bars” haryt nyşanly süýjülikleriň täze görnüşleri bazara çykaryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Bars” haryt nyşanly süýjülikleriň täze görnüşleri bazara çykaryldy
Kärhanada öndürilýän “Ýyldyz”, “Kümüş”, “Keýik” we “Kerwen” atly süýjüler sarpedijileriň arasynda uly islege eýedir.

Telekeçi Muhammet Amanowyň ýolbaşçylyk edýän “Bars” haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanasy şu ýyl süýji önümleriniň täze görnüşlerini, ýagny kokosly, künjüli we maňyzly şokoladlary çeküwli görnüşde sarpedijilere ýetirip başlady.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, “Bars” haryt nyşanly süýji we şokolad önümleriniň görnüşi häzirki günde 20-ä ýetdi. Ilat arasynda giňden tanalýan “Bars” konditer önümlerini öndürýän kärhananyň süýjülikleri ýurduň ähli nokatlarynda alyjylara ýetirilýär.

Şeýle-de kärhanada öndürilýän “Ýyldyz”, “Kümüş”, “Keýik” we “Kerwen” atly süýjüler sarpedijileriň arasynda uly islege eýedir.

Hususy kärhanada ýylda 3 müň tonnadan gowrak şokolad öndürmäge mümkinçilik bardyr. Bu ýerde işler awtomatik usulda alnyp barylýar we önümiň hili ýörite enjamlar arkaly degişli hünärmenler tarapyndan barlanylýar. Kärhanada 80-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

“Bars” haryt nyşanly konditer önümleri goňşy döwletlere hem eksport edilýär. Mundan başga-da, kärhanada daşary ýurt hyzmatdaşlaryň sanyny artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

2022