Türkmenistanda paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň bahasy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň bahasy
Gurujynyň hyzmatlarynyň bahasy şertnamanyň taraplarynyň ylalaşmagy boýunça kesgitlenilýär.

“Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň bahasy paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda olaryň aýratynlykda görkezilmegi bilen, paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy üçin harajatlaryň bahasynyň we gurujynyň onuň gurluşygy boýunça hyzmatlarynyň bahasynyň jemi pul möçberi ýaly hasaplanylýar.

Paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy üçin harajatlaryň bahasy ylalaşylan nyrhlardan ugur alnyp kesgitlenilýär. Şonda paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy üçin harajatlaryň bahasy gurluşyk meýdançasynyň çäklerinde geçirilen daşky ulgamlara birikdirmek boýunça çykdajylary hem öz içine alyp biler, maliýeleşdirilmegi ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hasabyna amala aşyrylýan daşky ulgamlaryň özleriniň gurluşygy, düýpli ýa-da gündelik abatlanylmagy boýunça çykdajylar muňa degişli däldir.

Gurujynyň hyzmatlarynyň bahasy şertnamanyň taraplarynyň ylalaşmagy boýunça kesgitlenilýär.

Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy baglaşylandan soň, onuň bahasy üýtgedilip bilnermi?

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şertnamanyň bahasy taraplaryň ylalaşmagy arkaly, ol baglaşylandan soň hem üýtgedilip bilner.

Haýsy döwürden başlap paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça paýçy bilen gurujynyň arasyndaky özara hasaplaşyklar amala aşyrylyp bilner?

Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça paýçy bilen gurujynyň arasyndaky islendik özara hasaplaşyklar diňe paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy ygtyýarlyk berlen edarada hasaba alnandan soň amala aşyrylyp bilner.

Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň bahasynyň tölenilmegi paýçy tarapyndan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň ýanyna goşulýan töleg tertipnama laýyklykda, ýörite bank hasabyna pul serişdeleriniň nagt ýa-da nagt däl görnüşde geçirilmegi arkaly birwagtlaýyn ýa-da tapgyrlaýyn geçirilýär.

Çeşme: “Rysgal” gazeti, 23.11.2020

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022