“Misgär” eksportyň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Misgär” eksportyň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär
Kärhana ýylda 15 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenendir.

Türkmenistanda süýjüleriň we kökeleriň dürli görnüşlerini öndürýän “Misgär” hojalyk jemgyýeti daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, bu kärhana 2000-nji ýylda öz işine başlan döwri köke önümleriniň 2-3 görnüşini öndüren bolsa, häzirki wagtda onuň köke, wafli we şokolad örtükli süýji önümleriniň görnüşleriniň sany 40-dan gowrakdyr.

Bellenilişi ýaly, kärhanada öndürilýän “Misgär” haryt nyşanly şokoladly, pyrtykally we beýleki dürli tagamly datly önümler 250 gramdan 3 kilograma çenli agramlyk gaplara ýerleşdirilip, sarpedijilere iberilýär.

Kärhananyň önümçilik bölüminde Türkiýäniň döwrebap ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdylyp, ol ýylda 15 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenendir. Bu ýerde ýerli çig maly önümçilikde ulanmaga uly üns berilýär.

Türkmen bazarynda eýýäm 20 ýyla golaý wagt bäri hereket edýän “Misgär” hojalyk jemgyýetinde häzirki wagtda 50-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

2022