Germaniýada wodorodda işleýän hereketlendirijili otly synagdan geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Germaniýada wodorodda işleýän hereketlendirijili otly synagdan geçiriler
Täze wodorod hereketlendirijisi oturdylan otlynyň synagy 2024-nji ýylda başlar.

“Siemens Mobility” kompaniýasy we Germaniýanyň “Deutsche Bahn” milli demir ýol dolandyryjysy wodorod bilen işleýän hereketlendirijili otlyny döredip, ony synag etmegi meýilleşdirýär. Bu taslamanyň maksady dizel ýangyjy bilen hereket edýän otlularyň ornuny tutmakdyr. Bu barada duşenbe güni ýaýradylan kompaniýalaryň bilelikdäki metbugat beýanatynda habar berilýär.

“Deutsche Bahn” täze wodorod hereketlendirijisiniň ýylda 330 tonna kömürturşy gazynyň howa zyňylmagynyň öňüni almagyna garaşýar.

Kompaniýalaryň aýtmagyna görä, täze wodorod hereketlendirijisi oturdylan otlynyň synagy 2024-nji ýylda başlap, ol bir ýylyň dowamynda Germaniýanyň Baden-Wýürtemberg federal ýeriniň üç şäheriniň arasynda hereket eder.

“Mireo Plus H” atly otlynyň prototipinde ýangyç tehnologiýasy we litiý-ionly akkumulýatory oturdylar. Iki wagondan ybarat otlynyň geçiş uzaklygy 600 kilometre deň bolup, onuň iň ýokary tizligi 160 kilometr sagada barabardyr we 15 minutda doly zarýad alyp bilýär.

Mundan başga-da, kompaniýalar bilelikde otly üçin zerur kömekçi desgalary hem gurarlar. “Deutsche Bahn” özüne degişli otlulary bejeriş desgalarynyň birini täze otly üçin ýangyç bekedi oturdylan hem-de oňa hyzmat ediş merkezine öwürer. Şeýle-de kompaniýa elektroliz, ýagny elektrik toguny ulanmak bilen suwy kisloroda we wodoroda öwürmek usuly arkaly wodorod ýangyjyny almagy meýilleşdirýär.

Wodorod uzak wagtdan bäri demir ýol ulgamy üçin geljegi uly energiýa çeşmesi hökmünde hasaplanyp gelýär. Fransiýanyň “Alstom” kompaniýasy Germaniýanyň demirgazyk sebitinde 2018-2020-nji ýyllar aralygynda wodorod bilen işleýän hereketlendirijili otlyny synagdan geçirip, ony Awstriýanyň birnäçe ugurlary boýunça hem ýola goýdy.

Wodorod esasan tebigy gazdan, nebitden, kömürden hem-de elektroliz usuly arkaly suwdan alynýar. Häzirki wagtda gazylyp alynýan ýangyçlar senagat wodorodynyň esasy çeşmesidir.