“Oguzhan” hojalyk jemgyýeti şokoladlaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Oguzhan” hojalyk jemgyýeti şokoladlaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy
Bu ýerde şokolad önümleriniň 35-e golaý görnüşi öndürilýär.

Telekeçi Begmyrat Işanowyň ýolbaşçylyk edýän “Oguzhan” hojalyk jemgyýeti ýakynda täze görnüşli “Ýyldyz” we “Aýazbaba” şokoladlarynyň önümçiligini ýola goýdy.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, kärhanada oturdylan döwrebap enjamlar her günde şokoladlaryň 7 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Bu ýerde şokolad önümleriniň 35-e golaý görnüşi öndürilýär.

Hususan-da, kärhanada “Lezzet”, “Altyn halka” şokolad süýjüleri, “Şazada”, “Aýly agşam” kokos tagamly, “Aýlar”, “Erteki” hoz tagamly, “Çopantelpek”, “Buratino” wanilin tagamly, “Älemgoşar”, “Jaňjagaz” pyrtykal tagamly, “Läle”, “Taýçanak” ýertudana tagamly şokolad süýjüleri, “Gölejik” süýt tagamly, “Täç”, “Aýazbaba” hoz tagamly, “Şazada” ülje tagamly konditer plitkalary we beýlekiler bardyr.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda süýji-köke önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça iri taslamalar durmuşa geçirildi. Türkmen telekeçileri tarapyndan ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan görnüşleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy netijesinde geçen ýyllarda Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilen süýji-köke önümleriniň möçberi iki essä golaý azaldy.

 
2022