Ahally telekeçi rahat lukum süýjüliklerini eksport etmegi maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahally telekeçi rahat lukum süýjüliklerini eksport etmegi maksat edinýär
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşen kärhanada lukum süýjülikleriň ýylda 200 tonna golaýy öndürilýär.

Telekeçi Nurmyrat Nagmatowyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanasynda “Nagmat” haryt nyşany bilen öndürilýän rahat lukum görnüşli süýjülikleri daşary ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirýär.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, kärhanada bu süýjülikleriň ýylda 200 tonna golaýy öndürilýär. Rahat lukum süýjülikleri göze gelüwli gaplara gaplanyp, ýurdumyzyň söwda nokatlarynda alyjylara hödürlenýär.

Bellenilişi ýaly, şeker, rahat lukum süýjüliklerine maňyzdyr hozlar, miwe şireleri goşulyp, tagamyny has-da süýjedýär. Goşundylarydyr daşky görnüşi boýunça rahat lukumlaryň dürli görnüşleri bardyr.

Rahat lukumlar arap, türki dünýäde irki döwürlerden bäri meşhurdyr. Ol köp halklaryň milli tagamy hasaplanýar. Häzirki wagtda ol dünýäniň 50-den gowrak ýurdunda öndürilýär.

2022