Gökdepede demir-beton önümlerini öndürýän durky täzelenen kärhana açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gökdepede demir-beton önümlerini öndürýän durky täzelenen kärhana açyldy
Demir-beton önümlerini öndürýän kärhananyň kuwwaty ýylda 10 müň kub metr beton önümlerini, şeýle-de müň tonna demir konstruksiýalary öndürmäge niýetlenendir.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda beton gurnamalarynyň dürli görnüşlerini öndürýän durky täzelenen we döwrebaplaşdyrylan kärhana işe girizildi.

“Türkmenistan” gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, kärhananyň durkuny täzelemek üçin bölünip berlen ýer bölegi 3,36 gektara deň bolup, bu işleri “Sähra gurluşyk” hususy kärhanasy amala aşyrdy. Türkiýeden getirilen öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu önümçilik desganyň işe girizilmegi 50-den gowrak täze iş orunlarynyň döremegine mümkinçilik berdi.

Demir-beton önümlerini öndürýän kärhananyň kuwwaty ýylda 10 müň kub metr beton önümlerini, şeýle-de müň tonna demir konstruksiýalary öndürmäge niýetlenendir.

Täze zawodda köprüleriň gurluşygy üçin armaturly demir-betonlaryň, demir-beton gazyklaryň, elektrik geçiriji ulgamlar üçin dürli görnüşli demir-beton sütünleriň, lagym ulgamynyň demir-beton guýulary, köprüler, elektrik geçiriji ulgamlar we binalaryň üçegi üçin gerekli demir önümler öndüriler.